Erdogan Teresa Meý bilen İýerusalim hakynda pikir alyşdy
Erdogan bilen Meý iki taraply gatnaşyklar bilen birlikde Iýerusalimde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy
Prezident R. T. Erdogan Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Erdogan bilen Meý telefon söhbetdeşliginde iki taraply gatnaşyklar bilen birlikde Iýerusalimde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.
Iki lider goranyş senagatynyň başda durmagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli taraplaýyn pugtalýandygyna ünsi çekdiler.
Erdogan bilen Meý gatnaşyklaryň ösmeginden hoşaldyklaryny nygtady.
ABŞ-nyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararynyň sebitde dartgynlyklaryň möwjemegine sebäp bolýandygyny aýdan Erdogan bilen Meý, parahatçylyk etabynyň iki döwletli çözgüde esaslanmalydygyny belledi.
Telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyna garşy taýarlanan karar taslamasynyň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde geçirlen sese goýulşykda ABŞ tarapyndan weto edilmegi meselesi hem gün tertibine getirildi.
Iki lider sebitdäki parahatçylyk etabyna wehim saljak hereketlerden gaça durulmagy üçin halkara jemgyýetçiliginiň uly tagalla etmelidigine ünsi çekdi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan Yrakda saparda bolýar
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 12 ýyl arakesmeden soň şu gün Yrakda resmi saparda bolýar