Binali Ýyldyrymyň Bangladeş sapary dowam edýär

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Bangladeş saparynyň çäginde Türkiýäniň Dakkadaky ilçihanasynyň täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

871472
Binali Ýyldyrymyň Bangladeş sapary dowam edýär

Binali Ýyldyrym dabarada eden çykyşynda täze ilçihananyň azyndan 100 adamyň şol bir wagtda işläp biljek uly bir kompleks boljakdygyny belläp: “Ýurdumyza gelişýän uly bir ilçihana kompleksi 2019-njy ýylda ulanylmaga beriler” diýdi.

Dakkadaky Milli şehitler ýadygärligine baryp gören Ýyldyrym ol ýerdäki depdere gol çekdi.

Binali Ýyldyrym depdere ýazan hatynda 1971-nji ýyldaky Garaşsyzlyk söweşinde ýogalan gahryman bengalliler üçin türk milletiniň we hut öz adyndan gynanç bildirýändigini belledi.

Türkiýe bilen Bangladeşiň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň, garaşsyz Bangladeş döwletiniň esaslandyrylmagyndan hem ozala daýanýandygyny” aýdan Ýyldyrym: “Türk milleti Bangladeşli doganlarynyň Milli azat edijilik söweşinde beren goldawyny asla ýatdan çykarmaz. Ýurtlary üçin gahrymanlarça söweşen Bangladeşiň şehit bolan adamlaryny hormat bilen hatyralaýaryn” diýdi.

Beýleki tarapdan TIKA tarapyndan Şaheed Suhrawardy Lukmançylyk fakultedi we ylmy-derňew hassahanasynyň çäginde gurulan Himioterapiýa bölüminiň açylyşyna gatnaşdy.

Açylyşdan soň Binali Ýyldyrym Bangladeşiň esaslandyryjy lideri Bangabandhu Şeýh Mujibur Rahmanyň aramgähiniň ýerleşýän Bangabandhu memorial muzeýine baryp, ol ýerdäki depdere gol çekdi.



Degişli Habarlar