“ Netanýahunyň Türkiýe Respublikasy we Jenap Prezidentimiz hakyndaky sözlerini berk ýazgarýarys”

Kalyn Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň Türkiýe Respublikasy we Prezident Erdogan hakynda sözlerini berk ýazgarýandyklaryny aýtdy

865413
“ Netanýahunyň Türkiýe Respublikasy we Jenap Prezidentimiz hakyndaky sözlerini berk ýazgarýarys”

Prezident Diwanynyň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn “Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahunyň Türkiýe Respublikasy we Jenap Prezidentimiz hakyndaky sözlerini berk ýazgarýarys” diýdi.

Kalyn mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň Türkiýe Respublikasy we Prezident R. T. Erdogan hakynda sözlerini berk ýazgarýandyklaryny aýtdy.

“Halkara hukugyny basgylap palestinanyň halkynynyň ýüzlerçe asyrlyk topraklaryny basyp alan, BMG-nyň kararlaryny ägermeýän Ysraýylyň ilkinji nobatda eden etmişiniň jogabyny bermelidigini” aýdan Kalyn sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Palestinada bigünä müňlerçe adamy gyrgyna beren, palestinalylaryň topraklaryny açyk howa tussghanasyna öwürenleriň öz günäsini basyp ýatyrmak üçin orta atýan garaýyşlaryny asla kabul etmeýäris. Ilkinji kyblamyz Iýerusalimi basyp alyjy döwletiň paýtagty hökmünde ykrar edýänler gaty ýalňyşýar. Ysraýylly ýolbaşçylar ýurdumyz we liderlerimiz hakynda garaýyş beýan etmegiň ýerine basyp alyşlygy bes etsinler. Türkiýe Respublikasy dünýäniň çar tarapynda bolşy ýaly Palestinanyň halkyna we hukugyň üstünliginer goldaw bermäge dowam eder”.

 



Degişli Habarlar