"Milli howpsyzlygyna nämeleriň wehim salýandygyna başgalary däl eýsem Türkiýäniň özi karar berer"

Ibrahim Kalyn milli howpsyzlygyna nämeleriň wehim salýandygyna başgalarynyň däl eýsem Türkiýäniň özüniň karar berjekdigini aýtdy

859428
"Milli howpsyzlygyna nämeleriň wehim salýandygyna başgalary däl eýsem Türkiýäniň özi karar berer"

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn milli howpsyzlygyna nämeleriň wehim salýandygyna başgalarynyň däl eýsem Türkiýäniň özüniň karar berjekdigini aýtdy.

Kalyn Pentagonyň ekstremist terror guramasyna berilýän ýarag kömegi hakyndaky beýannamasyna hususy telewideniýe arkaly jogap berdi.

Kalyn “ Pentagonyň beýannamasynda “Türkiýäniň milli howpsyzlygyna wehim salýan ýaraglaryň yzyna alynjakdygy aýdylýar. Milli howpsyzlygymyza nämeleriň wehim salýandygyna başgalary däl eýsem Türkiýäniň özi karar berer. Pentagon ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG-ä berilýän ýaraglaryň yzyna alynjakdygy hakyndaky beýanamasyny konkretleşdirmelidir” diýdi.

Kalyn şol ýaraglaryň yzyna alynmazlygynyň durnuksyzlygy has-da çuňlaşdyryp biljekdigi barada duýduryş berdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň Ýakyn Gündogar bölüminiň metbugat geňeşçisi Erik Pahon, ABŞ-nyň Türkiýä wehim salyp biljek ähli ýaraglary ekstremist terror guramasy PKK-niň Siriýadaky bölegi ÝPG-den yzyna aljakdygyny aýdypdy.

Ýaraglaryň we sowutly ulaglaryň sany hakynda maglumat bermek ygtyýarynyň ýokdygyny aýdan Pahon, “Hyzmatdaşymyz Türkiýä wehim salyp biljek ýaraglary yzyna alarys” diýipdi.

Gurama dünýäde hakýký däl dermanlar üçin ýýlda 30 milliard dollarýň sarp edilýändigini öňe sürýär.



Degişli Habarlar