Ýyldyrym: “Kiber howpsyzlyk deňdir milli howpsyzlyk” diýdi

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym “Kiber howpsyzlyk, deňdir milli howpsyzlyk” diýdi

857723
Ýyldyrym: “Kiber howpsyzlyk  deňdir milli howpsyzlyk” diýdi

Binali Ýyldyrym "Netaş" kärhanasynyň 50 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada eden çykyşynda: “Kiber howpsyzlyk çärelerimiziň we şahsy maglumatlarymyzyň gizlinligini üpjün etjek çäreleri giç bolmanka görmeli. Bular mundan beýläk milli howpsyzlygymyzyň üýtgemejek we möhüm bir düzümine öwrüldi. Kiber howpsyzlyk, deňdir milli howpsyzlyk” diýdi.

Binali Ýyldyrym: “2023-nji ýyldaky döwlet maksatnamamyza ýetmek üçin ykdysady galkynyş göçümlerini hökman etmelidiris. Esasan hem maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ugruna gönükmeli” diýdi.

Ýyldyrym: “Ilkinji maksadymyz ýerli tehnologiýa eýe, döwrebap önümler oýlap tapmak” diýdi.

Ýerli programa üpjünçiliginiň wajyplygyna ünsi çeken Binali Ýyldyrym: “Ýerli programma üpjünçiligi platformasyna eýe bolmagymyz möhüm. Ony ýerine ýetirmesek sözüň doly manysynda tehnologiýa, maglumata eýe bolup bilmeris, maglumaty başgalaryň ulanmagyna, bähbidine hödürläp bilmeris. Mundan soňky esasy işimiziň biri hem şol platformalaryň özgerdilmegi bolar” diýdi.



Degişli Habarlar