Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty şu gün geçiriler

Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty şy gün Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçiriler

856734
Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty şu gün geçiriler

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn ABŞ-niň Goranmak ministrligi Pentagonyň düzüminde aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriaýdaky goly ÝPG bolan Siriýanyň Demokratik güýçleri bilen hyzmatdaşlygymyzy dowam etdireris sözleriniň üstünde durup geçdi.

Ibrahim Kalyn paýtagt Ankarda beren beýanatynda: “Şu gün Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty geçiriler. Meseläni ara alyp maslahatlaşarys, soň bolsa ol babatda beýanat bereris” diýdi.

Pentagon tarapyndan terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşiň çäginde Rakka operasiýasy üçin Siriýanyň Demokratik güýçlerine goldawyny dowam etirjekdigi barada beýanat berilipdi.  

Pentagon beýanatynda mundan başgada Siriýanyň Demokratik güýçlerine berilýän harby goldaw bilen baglanşykly giriziljek käbir üýtgeşiklikleriň gözden geçirilýändigi habar berildi.

Beýleki tarapdan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Prezident Erdoganyň arasynda geçen hepdäniň anna güni geçrilen telefon söhbetdeşliginde Trampyň Mundan beýläk ÝPG-e ýarag bermeris diýip söz berendigini ýatlatdy.

Şu ýylyň soňky Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda 2017-nji ýylyň netijelendirilmegi hem nazarda tutylýar.

Maslahatyň gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň arasynda Siriýa krizisi hem bolar.

Soňky gezek geçen hepde Soçi şäherinde Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň liderleriniň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn maslahatda kabul edilen kararlar ele alynar.

Siriýanyň demirgazygyndaky aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy ÝPG-niň barlygy we guralmagy ähtimal Afrin operasiýasynyň hem gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda ýurdyň öz içinde we daşary ýurtda geçirilýän terror garşy operasiýalar hem ara alynyp maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar