Erdogan: “Türkiýe dünýäniň iň güýçli goşunlaryndan birine eýe”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň operatiw ukyby we tejribe taýdan dünýäniň iň güýçli goşunlaryndan birine eýedigini aýtdy

853633
Erdogan: “Türkiýe dünýäniň iň güýçli goşunlaryndan birine eýe”

Erdogan paýtagt Ankarada Milli goranyş uniwersitetiniň Harby mekdebiniň gutardyş dabarasynda sözlän sözünde, geljek ýyl harby mekdeplere bolan islegiň artjakdygyna ynanýandygyny beýan etdi.

Harby goşunyň agdarlyşykçylaryň, huntaçylaryň we oýnatgylaryň goşuny bolmandygyny nygtan Erdogan: “Bu goşun FETÖ-çileriň goşuny däl. Bu goşun ol ýa-da beýleki daşary ýurt edarasynyň goşuny hem däl. Bu goşun diňe Türkiýäniň, türk milletiniň goşuny” diýdi.

Türkiýäniň indi ýitirere ne wagtynyň ne-de adamynyň bolmandygyny nygtan Erdogan, ýurduň we milletiň dowam edýan tapgyrda goşunyň güýjüne hemişekiden has köp mätäçlik duýýandygyny aýtdy.

Türkiýäniň öz çäklerinde terrorçylyga garşy taryhynyň iň uly göreşini alyp barýandygyna ünsi çeken Erdogan: “Siriýada iňňän möhüm operasiýalary amala aşyrýarys. Şu günki günde Türkiýe dünýäniň iň güýçli goşunlaryndan birine eýe” diýdi.



Degişli Habarlar