NATO-nyň Baş sekretary Prezident Erdogandan ötünç sorady
NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg Erdogana telefon edip NATO-nyň türgenleşiginde başdan geçirlen waka sebäpli ötünç sorady
NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg Prezident R. T. Erdogana telefon edip NATO-nyň türgenleşiginde başdan geçirlen waka sebäpli ötünç sorady.
Prezident Diwanynyň metbugat sekretarlygyndan berlen beýanata görä, Stoltenberg telefon söhbetdeşliginde waka hakynda kaziýet işiniň gozgalandygyna we waka sebäp bolan Nowergiýaly hünärmeniň işden çykarlandygyna ünsi çekdi.
Stoltenberg Türkiýäniň NATO üçin esasy hyzmatdaşdygyny aýratyn belledi.
Şuňa meňzeş wakanyň indi gaýtalanmazlygy üçin degişli çäreleriň görüljekdigini atdan Stoltenberg başdan geçirlen wakanyň NATO bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsir ýetirmezligini umyt edýändigini ýatlatdy.
Degişli Habarlar
Ruandanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Boldy
Erdogan, Türkiýäniň Ruanda bilen edýän gatnaşyklarynyň ösmäge başlandygyny aýtdy.