Prezident Erdogan NATO türgenleşiginde başdan geçirilen skandallaryň üstünde durup geçdi

Türkiýäniň Prezidenti we AK partiýanyň başlygy R.T. Erdogan NATO-nyň harby türgenleşiginde başdan geçirilen skandallaryň üstünde durup geçdi

850282
Prezident Erdogan NATO türgenleşiginde başdan geçirilen skandallaryň üstünde durup geçdi

 

Erdogan Rizede Adalat we ösüş partiýasynyň nobatdaky welaýat kongresinde çykyş etdi: "Norwegiýadaky NATO türgenleşiginde edilen edepsizligi siz hem gördüňiz. Käbir ýalňyş hereketleri kelesaňlar dälde, köp bilmişler edip biler. Ine bu hem şolar ýaly bir hadysadyr" diýdi. 

Erdogan skandal hereketler bilen baglanşykldy: "Türkiýe güýçlendigi saýyn ýurdumyza we esasan hem biza garşy hüjümleriň gerimi artýar. Ine düýnki gün maňa we Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürke garşy edilen bu edepsizlikler, NATO-nyň içinde ençeme wagt bäri barlygyny dowam etdirýän oňaýsyz garaýyşyň daşaryk çykmagy hökmünde garaýaryn" diýdi. 

Türkiýäniň Prezidenti NATO-nyň ynamlylygynyň ähli ýurtlar tarapyndan ikirjiňlenýän ýagdaýa öwrülendigini belledi.

Siriýada Afriniň azat ediljekdigini  we Münbiçiň esasy eýelerine beriljekdigini aýdan Erdogan: "Ýewfrat galkany bilen ähli zat görüldi. Mundan soň hem Idlibde şol etaby ýerine ýetireris. Kim bize garşy howp ýa-da hereket etse onuň jogabyny sorarys" diýdi. 


Etiketkalar: #NATO , #Rize , #Erdogan

Degişli Habarlar