Türkiýäniň lideri Erdogan ýaňadandan Russiýa gider

R.T. Erdogan Russiýa ýene-de bir sapar gurar

848886
Türkiýäniň lideri Erdogan ýaňadandan Russiýa gider

Geçen hepde Russiýanyň döwlet başlygy Wladimir Putin bilen duşuşyk geçiren Türkiýäniň Prezidenti Erdogan 22-nji noýabrda ýurda ýene-de bir sapar gurar.

Bu sapar bilen birlikde Prezident Erdoganyň 1 ýylyň dowamynda Putin bilen 6-njy gezek ikiçäk duşuşyk geçirdigi bolar.

Erdogan Soçide Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň gatnaşmagynda geçiriljek Siriýa temaly maslahada gatnaşar.

Taraplar Siriýadaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşarlar.

Siriýa Halklar kongresine aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD-niň çagyrylmagy, Türkiýäniň nägilelik bildirmegine sebäp döredipdi.

Bildirilen reaksiýa sebäpli PÝD-niň hem çagyrylan kongres yza süýşürilipdi.

Maslahatda bu kongresiň hem ele alynmagyna garaşylýar.


Etiketkalar: #PÝD , #PKK , #Russiýa , #sapar , #Soçi , #maslahat

Degişli Habarlar