PKK-a garşy soňky 1 hepde-de guralan operasiýalarda 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

PKK bilen arabaglanşyklydygy aýdylýan 176 adam saklandy

846389
PKK-a garşy soňky 1 hepde-de guralan operasiýalarda 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

 

Aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy soňky 1 hepde-de guralan operasiýalarda 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministrligi soňky 1 hepde-de terrora guramalaryna garşy guralan operasiýalar hakynda maglumat berdi.

Içeri işler ministrliginden berlen maglumata görä, operasiýalarda terror guramalaryna goldaw beren we PKK bilen arabaglanşyklydygy aýdylýan 176 adam saklandy.

Köp sanly ýarag bilen ok-däri ele geçirildi.

Terror guramasynyň gyş pasly üçin taýarlyk görmeginiň öňüni almak maksady bilen sentýabr aýynyň 23-i bilen noýabr aýynyň 12-i aralygynda 12 welaýatda guralan operasiýalarda 146 gaçybatalga, 12 gowak we 3 ammar tapyldy.

Operasiýalarda mundan başgada Fetullahçy terror guramasy FETÖ bilen arabaglanşykly 586 adam, DAIŞ bilen arabaglanşykly 390 adam we çepçi terror guramasy bilen arabaglanşykly 15 adam saklandy.

 



Degişli Habarlar