Milli Goranmak minist NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşar
Milli Goranmak ministri Nurettin Janikli NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Brýussele gider
842597

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, Nurettin Janikli noýabr aýynyň 8-9-y aralygynda Brýusselde geçiriljek NATO agza ýurtlaryň Goranmak minisrtleriniň maslahatyna gatnaşar.
Janikli maslahatyň çäginde NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, İspaniýanyň, Ruminiýanyň we Albaniýanyň Goranmak ministrleri bilen duşuşar.
Janikli maslahatyň çäginde Fransiýanyň we İtaliýanyň Goranmak ministrleriniň gatnaşmagynda geçiriljek üç taraplaýyn maslahata hem gatnaşar.