Mejlisiň başlygy Ismail Kahraman Nigeriň Milli mejlisiniň başlygy Tinni bilen duşuşdy
Kahraman bilen Tinni özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Ismail Kahraman Nigeriň Milli mejlisiniň başlygy Qusseini Tinni bilen duşuşdy.
Kahraman bilen Tinni özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.
Iki ýurduň parlamentarlaryna ýüzlenip çykyş eden Kahraman Türkiýäniň dost we doganlyk ýurt Niger bilen edýän gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini aýtdy.
Kahraman iki ýurduň parlamenleriniň arasyndaky ýokary gatnaşyklardan hoşaldyklaryny belledi.
Nigeriň Mejlisiniň başlygy Tinni hem ýurdy bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyny arzuw edýändiklerini nygtady.
Nigeriň halkynyň Türkiýe bilen dostlukly gatnaşyk etmekden hoşaldygyny aýdan Tinni, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geçmişiniň XVI njy asyra çenli uzap gidýändigini ýatlatdy.
Tinni Türkiýäniň döwrebap we dünýewi döwlet ulgamyndan görelde alýandyklaryny belledi.
Tinni iki ýurduň arasynda 26 ugur boýunça hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylandygyny, Türk Howa Ýollarynyň Nigeriň paýtagtyna guraýan uçar saparlarynyň artmagy bilen gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygyny aýtdy.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär
Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 144 boldy.