"Türkiýe terrora boýun egmez"

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýäniň terrora boýun egmejekdigini aýtdy

840189
"Türkiýe terrora boýun egmez"

Iş sapary bilen Erzinjana baran Binaly Ýyldyrym “Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ, PKK, DAIŞ, DHKP-J, PÝD ýada ÝPG bolsun tapawudy ýok biz adyna garamazdan şol terror guramalarynyň ählisi ýok ederis. Türkiýe terrora boýun egmez” diýdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň gün tertibinde tehnalogiýa we goranyş senagatynda gazanylan üstünlikler hem esasy orun eýeledi.

Premýer ministr Ýyldym “Türkiýe indi öz awtoulagyny özi öndürip biljek ýagdaýa geldi. Ýerli awtoulag türk inženeriniň we işçisiniň maňlaý deri bilen öndürler.  Adalat we ösüş partiýasy 15 ýyldan bäri 20 müň kilometrden gowrak täze ýol gurdy. Ynha ýerli awtoulaglarymyz bilen ýakynda şol ýollardan syýahat ederis” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar