Milli bilim ministri Ismet Ýylmaz Fransiýada saparda bolýar

Metbugata ýapyk häsiýetde bolan duşuşyk hakynda hiç hili beýanat berilmedi

839348
Milli bilim ministri Ismet Ýylmaz Fransiýada saparda bolýar

Resmi sapar bilen Fransiýa giden Milli bilim ministri Ismet Ýylmaz saparynyň çäginde ilki Fransiýanyň Milli bilim ministri Ýan Mişel Blanguer bilen duşuşdy.

Metbugata ýapyk häsiýetde bolan duşuşyk hakynda hiç hili beýanat berilmedi.

Ismet Ýylmaz saparynyň çäginde BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň ýerine ýetirijiler geňeşine dalaşgär bolan Türkiýäniň adyndan ÝUNESKO-nyň 39-njy konferensiýasynda çykyş eder.

Millim bilim ministri mundan başgada ÝUNESKO-nyň Baş müdüri Irina Bokowa bilen duşuşar.

 



Degişli Habarlar