Şyrnakda harby hereketlilik

Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabynda harby türgenleşik geçiren Türkiýäniňwe Yragyň Ýaragly güýçlerine degişli harby bölümler Habur gümrük geçelgesine tarap herekede geçdiler

838025
Şyrnakda harby hereketlilik

Yrak serhedeiniň golaýynda ýerleşýän Silopi etrabynda eýýäm ençeme gün bäri harby türgenleşik geçirýän Yragyň we Türkiýäniň ýaragly güýçlerine degişli esgerler harby ulaglary bilen bilelikde Habur gümrük geçelgesine tarap hereket etmäge başladylar. 

iki ýurdyň harbylary sirena sesleriniň ýoldaşlyk etmeginde Habur gümrak geçelgesine tarap ugrukdylar. 

Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabynda harby türgenleşik geçiren Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Yragyň Ýaragly güýçleri şu gün irden Yraga degişli Halil Ibrahim gümrük geçelgesine geçdiler.

Esgerler ilki bilen Türkiýäniň we Yragyň baýdaklary bilen Habur gümrük geçelgesine, soň bolsa Halil Ibrahim gümrük geçelgesine geçdiler.



Degişli Habarlar