1 hepde-de PKK-a garşy guralan operasiýalarda 72 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Operasiýalarda PKK-nyň maliýe çeşmelerine hem uly zarba uruldy

835589
1 hepde-de  PKK-a garşy guralan operasiýalarda 72 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy soňky 1 hepde-de guralan operasiýalarda 72 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Hakkari, Şyrnak, Siirt, Diýarbakyr, Erzurum welaýatlarynda we Yragyň demirgazygynda PKK-a degişli gaçybatalgalar nyşana alyndy.

Operasiýalarda terrorçylara degişli köp sanly ýarag we ok-däri ele geçirildi. Ýarag ammarlary, gaçybatalgalar we gowaklar hatardan çykaryldy.

Operasiýalarda PKK-nyň maliýe çeşmelerine hem uly zarba uruldy.

62 müň 097 guty çilim, 34 telefon, kiçi şahly 286 haýwan we 389 kilogram temmäki ele geçirildi.

Bikanun ýollardan Türkiýä gelmäge synanşan 13 müň 249 adam tussag edildi.

Soňky 1 hepde-de guralan operasiýalarda 7 esger şehit boldy, 11 esger ýaralandy.

 



Degişli Habarlar