Prezident Erdogan TRT World forumynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

Prezident Erdogan “Eger demokratiýa eýe çykýan we eger adalat gözleýän bolsak onda jebislikde dünýä 5-den uludyr diýeliň” diýdi

830936
Prezident Erdogan TRT World forumynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

Prezident R. T. Erdogan Stambulda geçirlen TRT World forumynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy.

Çykyşynda dünýä ýurtlaryna ýüzlenenen Prezident Erdogana adalata ünsi çekdi.

Prezident Erdogan “Eger demokratiýa eýe çykýan we eger adalat gözleýän bolsak onda jebislikde dünýä 5-den uludyr diýeliň” diýdi.

ABŞ-nyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-ä ýarag kömegini bermegini tankyt eden Prezident Erdogan “Eýsem bir terror guramasyny ýok etmek üçin başga terror guramasyna goldaw bermek dogrumydyr” diýdi.

Ýewropanyň terror guramalaryna garşy tutumyna hem nägilelik bildiren Prezident Erdogan, PKK-nyň ÝB tarapyndan terror guramalarynyň sanawyna alynandygyna garamazdan ÝB-ne agza ýurtlaryň Türkiýäniň şol gurama agza terrorçylar hakyndaky delosony gün tertibine almandygyny ýatlatdy.

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň daşary ýurtlarda öz işini dowam etdirmegine berk garşylyk görkezen Prezident Erdogan “FETÖ-niň ýolbaşçysy Pensilwaniýada we ol ýerden 170 ýurdy gönükdirýär”diýdi.

Prezident Erdogan çykyşynda Pars aýlag ýurtlarynda başdan geçirilýän dartgynlygyň dolulygyna ortadan aýrylmagyny umyt edýändigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar