“Türkiýe goranmak senagatynda daşary ýurtlara bolan garaşlylygyndan azat bolýar”

Janikli Gury ýer goşunlaryna degişli harby mekdebiň açylyş dabarasynda çykyş etdi

819324
“Türkiýe goranmak senagatynda daşary ýurtlara bolan garaşlylygyndan azat bolýar”

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Nurettin Janikli terrora garşy göreş ýaly bir tankydy bir döwürde NATO agza käbir dost we hyzmatdaş ýurtlaryň Türkiýä puluny nagt beren halatymynda hem ýarag satmaýandyklaryny belläp, ýerli ýaragyň möhümdigini belledi.

Gury ýer goşunlaryna degişli harby mekdebiň açylyş dabarasynda çykyş eden Janikli Türkiýä ýarag satmaýan ýurtlaryň terror guramalaryna mugt ýarag berýändiklerine ünsleri çekdi.

Türkiýäniň şol sebäpli öz goranyş ulgamlaryny ösdürmäge mejbur bolýandygyny aýdan Nurettin Janikli soňky ýyllarda goranyş senagaty babatynda daşary ýurtlara bolan garaşlylygyny uly mukdarda azalandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar