Milli Howpsyzlyk gullugynyň we Ministrler kabinetiniň mejlisi Prezidentiň kompleksinde geçirler

Milli Howpsyzlyk gullugynyň  maslahaty we Ministrler kabinetiniň mejlisi Prezidentiň kompleksinde geçirler

811814
Milli Howpsyzlyk gullugynyň  we Ministrler kabinetiniň mejlisi Prezidentiň kompleksinde geçirler

Türkiýe wagty bilen sagat 15.00-da geçiriljek Milli howpsyzlyk gullugynyň maslahatyna we sagat 18.00-da geçiriljek Ministrler kabinetiniň mejlisine Prezident R. T. Erdogan ýolbaşçylyk eder.

Milli howpsyzlyk gullugynyň maslahatynyň we Ministrler kabinetiniň mejlisiniň gün tertibinde Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň 25-nji sentýabrda geçirmegi meýilleşdirýän garaşsyzlyk referendumy meselesi esasy orun eýelär.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasyna gatnaşan Prezident Erdogan sessiýanyň çäginde beren beýanatlarynda Yragyň Kürt Awtanomiýasyna goýuljak embargolar meselesiniň Milli howpsyzlyk gullugynyň maslahatynda we Ministrler kabinetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdypdy.

 



Degişli Habarlar