Kalyn: “Mýanma ilkinji etapda müň tonnalyk kömek beriler”

Bu barasynda Preizdentiň metbugat sekretary habar berdi

801811
Kalyn: “Mýanma ilkinji etapda müň tonnalyk kömek beriler”

 

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn Mýanma ilkinji daşary ýurt ynsanperwer kömek guramasy hökmünde Türk İş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyryjy Agentligi TİKA-nyň wekilleriniň barmagyna we ilkinji tapgyrda müň tonnalyk kömegiň ýetirilmegine rugsat berilendigini aýtdy.

Kalyn Prezident R.T.Erdogan bilen Mýanyň döwlet Ýolbaşçysy Aung San Suu Çiiniň düýn geçirilen telefon söhbetdeşligi barada ýazmaça beýannama çap etdi.

“Hormatly Prezidentimiziň şu gün (düýn) mýanmaly kärdeşi bilen geçiren gepleşiginden soň Mýanma, sebite ilkinji daşary ýurt ynsanperwer kömek guramasy hökmünde TİKA-nyň wekilleriniň barmagyna we ilkinji tapgyrda müň tonnalyk kömegiň getirilmegine rugsat berildi” diýen Kalyn, kömegiň hüjümler sebäpli ýüzlerçe maşgalanyň öýünden we obasyndan mahrum edilen ýeri bolan Rakhaýnyň demirgazygyndaky Maungtawa we Tuthi Taunga ýetirilmegi üçin Rakiniň dolanşygy bilen bilelikde işleşmegiň meýilleşdirilýändigini nygtady.

Kalyn Maungtaw we Buthi Taungda hüjümlerden gaçyp daglyk etraplara giden rohingýalylara ilkinji etapda tüwi, kakadylan balyk we egin-eşikden ybarat bolan kömegiň beriljekdigini mälim etdi.

İbrahim Kalyn sebitdäki näbellilik we howpsyzlyk aladalary sebäpli ynsanperwer kömeginiň Rakhiniň hökümetiniň hyzmatdaşlyk etmeginde ertirden başlap harby dik uçarlar bilen daşalmaga synanşyljakdygyny nygtady.

Türkiýäniň berjek kömeginiň bular bilen çäkli bolmajakdygyny beýan eden Kalyn; “Rohingiýalyla gyssagly gerek bolan azygyň we egin-eşikleriň, derman we şuňa meňzeş zatlaryň hem bellenen şertlerde Arakanyň hökümetiniň utgaşyklygynda ýetirilmegi nazarda tutulýar” diýdi.

Soňky wakalardan gaçyp Bangladeşe baranlaryň sanynyň ýüz müňe golaýlandygyna ünsi çeken Kalyn; “Penşenbe güni Daşary işler ministrimiziň we TİKA-nyň başlygynyň degişli bolmagyndaky wekiliýet Koks Bazaarda lagerlerde we golaýynda ýaşaýanlar üçin gyssagly azyk-derman, tiz kömek ulagy ýaly kömekleri alyp gider. Şeýlelikde hökümetimiz TİKA-nyň Ýangondaky we Dakkadaky ofisleriniň ýerleşýän ýurtlarynyň hökümetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda meýilleşdirilen taýarlyklaryň netijesinde serhediň iki ýakasynda kynçylyk çekýän arakanly musulmanlardan ilkinji tapgyrda jemi 100 müň maşgala kömek berer” diýdi.

 



Degişli Habarlar