“Yslam dünýäsi Gurban baýramyna sussypeslik bilen girýär”

Prezident Erdogan yslam dünýäsiniň Gurban baýramyna sussypeslik bilen girýändigini belledi

“Yslam dünýäsi Gurban baýramyna sussypeslik bilen girýär”

Erdogan baýram namazyny okan ýeri bolan Stambuldaky Hezreti Ali metjidinde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Yslam dünýäsiniň başyndan geçirýän meseleleriň üstünde durup geçen Erdogan: “Bir tarapda Siriýada we Yrakda çaknyşyklar, beýleki tarapda Arakandaky çaknyşyklar we ýurdumyzda terrora garşy göreş bar. Bularyň ählisi baýramy baýram ýaly edip belläp geçmegimize päsgel berýär. Elbetde biz göreşimizi hem ýurdumyzyň öz içinde hem-de serhetlerimiziň golaýyndaky islendik howpa garşy tutanýerlilik bilen dowam etdireris” diýdi.

Prezident Erdogan Arakanyň tapawutly bir pajyganyň içindedigini belläp: “20 müňe ýakyn adamyň obalary we öýleri ýakylany üçin ýurduny terk edip Bangladeşe geçdi we ýüzlerçe rohingýa musulmany öldürildi. Bularyň ählisi adamzadyň öňüne bolýar, emma gynansagam adamlar muňa sesini çykarmaýar” diýdi.

Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin başlygy hökmünde Arakan meselesinde gerek bolan gepleşikleri geçirýändiklerini aýdan Erdogan: “Yslam ýurtlarynyň liderleri bilen BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen telefon arkaly söhbetdeş boldym. BMG-nyň Bosgunlar geňeşi babatynda hem işler alyp barýarys. Biz hem bulary dowam etdireris” diýdi.


Etiketkalar: Arakan , dünýä , yslam , metjit , namaz , Erdogan , baýram

Degişli Habarlar