“Terror guramalary ulanylyp, oýnalýan oýunlary bilýäris”

Türkiýäniň Prezidenti terror guramalaryň ulanylyp, oýnalýan oýunlary bilýändiklerini belledi

799169
“Terror guramalary ulanylyp, oýnalýan oýunlary bilýäris”

Prezident Erdogan Prezident kompleksinde 30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen baglanşykly geçirilen dabarada çykyş etdi.

“Sebitdäki wakalar bilen bagly ähli wariantlar hemişe stolumyzyň üstündedir. Terror guramalary ulanylyp oýnalýan oýunlaryň hakyky ýüzüni görýäris we boýnumyza goýulmak islenýänleri kabul etmeýäris” diýen Erdogan: “Türkiýäni terror guramalary bilen çüňke gabamak isleýänler belli bir wagt soň ellerinde ýüpi çekilen bombalar bilen ýeke başyna galarlar. DAIŞ... Maksat DAIŞ. Ine görüň hyzmatdaşlarymyzyň ýaraglary DAIŞ-iň elinden çykýar. Bu nähli hyzmatdaşlyk? Bu nähili NATO-da bile bolmak. Bumerang ýaly aýlanyp-dolanyp olaryň özleri şol odyň gurbany bolar” diýdi.

“Soňky gezek 15-nji iýulda köçelere çykan millionlarça doganlarymyz bilen bu hakykaty ýene-de bir gezek görmek mümkinçiligi döredi” diýen Erdogan terror guramalary we olary bize garşy ulanýan güýçleriň hyýanatçy maksatlaryna ýetip bilmejekdiklerini nygtady.

Erdogan: “Sebäbi Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň aýdyşy ýaly Garaşsyzlyk biziň milletimiziň häsýetinde bardyr. Ýurdumyzy basyp almak isleýänler üçin ýa azatlyk ýa-da ölüm diýip aýtmagy biziň azat ýagdaýda ýaşamaga öwrenişmegimiziň beýanydyr” diýdi.

Ata-babalarymyzyň hem öz döwründe güýçlüniň däl, eýsem ejir çekenleriň ýanynda bolandygy barada ençeme mysalyň bardygyny aýdan Türkiýäniň Prezidenti Erdogan türk milletiniň güýjüniň we abraýynyň özi bilen birlikde ähli doganlary we dostlary üçin göreşýändiginden gözbaş alýandygyny belledi.

Prezident Erdogan esasan hem Siriýada we Yrakda türk milletiniň we sebitdäki doganlarynyň geljegini gyzyklandyrýan hiç bir ýagdaýda yza ädim ätmejekdigini belledi.



Degişli Habarlar