Somalili talyplar Prezident Erdogany Gurban baýramy bilen gutlady

Talyplar ýörite wideo ýazgylary bilen Prezident Erdogany we türk halkyny ýetip gelen Gurban baýramy bilen mähirli gutlady

798860
Somalili talyplar Prezident Erdogany Gurban baýramy bilen gutlady

 

Somalide açylan türk uniwersitetinde ýokary bilim alýan talyplar ýörite wideo ýazgy bilen Prezident R. T. Erdogany Gurban baýramy bilen gutlady.

Saglyk bilimleri Uniwersitetiniň Somali Mogadişu R. T. Erdogan adyndaky Saglygy goraýyş hyzmatlary ýokary hünärmen mekdebiniň talyplary ýörite wideo ýazgylary bilen Prezident R. T. Erdogany we türk halkyny ýetip gelen Gurban baýramy bilen mähirli gutlady.

Saglyk bilimleri uniwersitetinden berlen beýanata göra, Somaliniň Mogadişu şäherinde açylan ýokary hünärmen mekdebinde bilim alýan talyplar Gurban baýramy hakyndaky duýgularyny we garaýyşlaryny 2 minutlyk wideo ýazgy arkaly beýan etdiler.

 



Degişli Habarlar