Ýeňiş baýramynyň 95 ýyllygy ýurduň çar tarapynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

Döwlet ýolbaşçylary Atatürkiň aramgähine gül desselerini goýdy

798761
Ýeňiş baýramynyň 95 ýyllygy ýurduň çar tarapynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

30-njy awgust Ýeňiş baýramynyň 95 ýyllygy ýurduň çar tarapynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.

Ankaradaky baýramçylyk dabaralarynyň ilkinji salgysy Atatürkiň aramgähi boldy.

Döwlet ýolbaşçylary Atatürkiň aramgähine gül desselerini goýdy.

Prezident Erdogan Atatürkiň aramgähiniň ýörite depderine “Eziz Atatürk beýik ýeňişiň 95 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçýäris. Milli Azat edijilik söweşimiziň oňyn netijesiniň buşlukçysy bolan bu taryhy ýeňişi esasy halka hökmünde görýäris. 30-njy awgustda gazanylan ýeňişden alan güýjümiz bilen Respublikasymyzy gurýarkak döwrebap medeniýetler derejesine ýetmegi maksat edindik we Türkiýe maksadyna ýetmek üçin agytly ädimler bilen öňe barýar. 15-nji iýul gijesi halkyň görkezen gahrymançylygy ýurdumyzyň ykdysady we syýasy garaşsyzlygyna abanýan ähli howplara garşy tutanýerli göreşini açyk aýdyň görkezýär. Eziz şehitlerimiziň we gahrymanlarymyzyň bize amanady bolan bu watany goramaga dowam ederis. Ýatan ýeriňiz ýagty bolsun” diýdi.

 



Degişli Habarlar