“Türkiýe her gün barha ösýär”

Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak Türkiýäniň her gün barha ösýändigini belledi

792514
“Türkiýe her gün barha ösýär”

Berat Albaýrak Ýurt-sebit işleri hünärmenligi ugrunda okaýan talyplar bilen Stambul şäherinde duşuşdy.

Geçirilen duşuşykda çykyş eden ministr Albaýrak: “Käbirleriniň gahary gelsede Türkiýe her gün ösýär. Ägirt uly taslamalary durmuşa geçirip bilemzok diýýärdiler. Hany? Ählisini durmuşa geçirýäris we durmuşa geçireris” diýdi.

Türkiýäniň eksportynyň 30 milliard dollardan 150 milliard dollara çykandygyny aýdan Berat Albaýrak: “Türkiýe hökmünde ykdysady we syýasy gatnaşyklarymyzy özgerderis” diýdi.



Degişli Habarlar