Türkiýeden Katara iberiljek azyk gämi şu gün ýola çykar

Türkiýeden Katara iberilen azyk doly gämi 1-nji sentýabrda başlajak Gurban baýramyndan ozal Katara barar

790271
Türkiýeden Katara iberiljek azyk gämi şu gün ýola çykar

Pars aýlagy ýurtlaryň gabawy astynda bolan Katara azyk alyp gitjek 2-nji gämi Izmiriň Aliaga etrabyndaky portdan ýola çykmak üçin taýarlyk görýär.

Azyk, miwe we gök-önümler bilen doldurylan 2-nji gäminiň 16-njy awgustda ýola çykmagyna we Dohada Hamad portyna 26-njy awgustda barmagyna garaşylýar.

Katara gitjek 3-nji gäminiň hem Gurban baýramyndan soň iberilmegi göz öňünde tutulýar.

Katarlylar türk önümlerine uly talap bildirýär. Dükanlar hem has köp türk önümlerini satmak isleýär.

Süýt, ýumurtga, miwe we gök-önüm ýaly dürli-dürli önümler bilen doldurylan 1-nji gämi 22-nji iýunda Izmiriň Aliaga etrabyndan ýola çykyp, 25-nji iýunda Katara barypdy.

Saud Arabystany, BAE, Müsür we Bahreýn terrora goldaw berýär diýip şu ýylyň 5-nji iýunynda Katara garşyembargolar girizipdi.


Etiketkalar: #Katar , #azyk , #gämi , #Izmir , #port , #Doha

Degişli Habarlar