Çawuşogly; “Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda Egeý deňizi boýunça birnäçe düşnüşmezlik bar”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda Egeý deňizi boýunça birnäçe düşnüşmezligiň bardygyny aýtdy

790293
Çawuşogly; “Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda Egeý deňizi boýunça birnäçe düşnüşmezlik bar”

Mejlisde soraglara jogap beren ministr Çawuşogly; “Egeýde käbir adajyklaryň we gaýalyklaryň kime degişlidigi, şonuň bilen baglylykda Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda ýörgünli halkara ylalaşyk arkaly kesgitlenen deňiz serhetleriniň bolmazlygy şol düşnüşmezliklerden käbirleri” diýdi.

Egeý adalarynyň kime degişlidigi baradaky halkara resminamalarynyň 1923-nji ýylda Lozanna we 1947-nji ýylda Pariž ýaraşyk ylalaşyklarydygyny nygtan ministr Çawuşogly, şol ylalaşyklaryň adalaryň özygtyýarlylygy hem-de ýaragsyzlandyrylmaklary bilen bagly giňişleýin kesgitlemeleri özünde jemleýändigini aýtdy.

“Şeýlelikde mesele Lozanna we Pariž ylalaşyklarynyň degişli maddalarynyň analizi bilen bagly hukuky mesele” diýen Çawuşogly; “Mälim bolşy ýaly Egeý meseleleri Gresiýa bilen biziň aramyzda bar bolan dialog kanallary arkaly ähli taraplaýyn seljerilýär. Ýurdumyz bu meseleleriň ählisine halkara hukugyna laýyklykda adalatly we ýurdumyzyň başlangyç hukuklaryna hem-de bähbitlerine görä dialog arkaly çözülmegini isleýär” diýdi.

Egeý deňizi bilen bagly ähli düşnüşmezlikleriň we şolaryň çözülmegi boýunça ähli gepleşikleriň Daşary işler ministrligi tarapyndan 1996-njy ýyldan bäri berilen dürli beýannamalarda gün tertibine getirilendigini nygtan Çawuşogly; “Şol çäkde Gresiýanyň hukuk derejesi jedelli geografik formasiýalar arkaly ýüze çykarmagy ähtimal şertlerini kabul etmejekdigimizi we synanşylan halatynda olaryň hukuk taýdan hiç hili netijesiniň bolmajakdygy beýan edildi. Şol beýannamalara goşmaça mesele baradaky garaýyşlar ähli derejelerde grek tarapyna ýetirilýär, şeýle-de pozisiýamyzy ýazmaça görnüşde beýan edýän notalar ministrligimiz tarapyndan berilýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar