Türk fyrkady Katara bardy

Türk deňiz güýçleriniň TJG Gökowa fyrkady Kataryň paýtagty Dohanyň günorta gündogarynda ýerleşýän Hamed portuna bardy

781250
Türk fyrkady Katara bardy

Kataryň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Türk deňiz güýçleriniň TJG Gökowa fyrkadynyň iki ýurduň bilelikde geçirjek deňiz türgenleşigine gatnaşmak üçin 214 adamdan ybarat harby topar bilen Katara gelendigi nygtaldy.

Türkiýäniň we Kataryň deňiz güýçleriniň gatnaşmagyndaky harby türgenleşigin Hamed portunda, Dohadaky harby bazada we Kataryň gara suwlarynda geçiriljekdigi nygtaldy.

 



Degişli Habarlar