Egeý deňzinde 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Muglanyň welaýat hämiki Esenül Jiwelek ýer titremesinde ölen ýiteniň bolmandygyny mälim etdi

774763
Egeý deňzinde 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Egeý deňzinde  Muglanyň suw giňişliginde Türkiýe wagty bilen sagat 01.31-de 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýeriň 7,8 kilometr aşagynda bolan ýer titremesinden soň 40 sany kiçi ýer sarsgyny boldy.

Muglanyň welaýat hämiki Esenül Jiwelek ýer titremesinde ölen ýiteniň bolmandygyny mälim etdi.

Ýer titremesi sebäpli Gresiýanyň Istanköý adasynda biri türk 2 adam ýogaldy.

Mesele hakynda grek ýolbaşçylar tarapyndan berlen beýanatda ýer titremesinde köp sanly adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

 



Degişli Habarlar