Türki ýaragly güýçleriniň 28 adamlyk topçy topary Katara bardy

Türkiýäniň ýaragly güýçlerinden ybarat ilkinji harby topar bolsa 19-njy iýunda Katara barypdy

774157
Türki ýaragly güýçleriniň 28 adamlyk topçy topary Katara bardy

 

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, Türkiýe bilen Kataryň ýaragly güýçleriniň geçirjek bilelikdäki harby türgenleşigine gatnaşjak 28 adamlyk topçy topar Katara bardy.

Türkiýäniň ýaragly güýçlerinden ybarat 6-njy harby toparyň düýn ir etrir Kataryň paýtagty Doha barandygy habar berlipdi.

Türkiýäniň ýaragly güýçlerinden ybarat ilkinji harby topar bolsa 19-njy iýunda Katara barypdy.

Ady agzalýan toparyň ilkinji harby türgenleşigi Taryk Bin Zyýar harby merkezinde geçirlipdi.

 

 


Etiketkalar: #Katar , #harby topar , #topçy

Degişli Habarlar