Premýer ministr Binali Ýyldyrym telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirdi

Binali Ýyldyrym Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi we Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Ýagland bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

774046
Premýer ministr Binali Ýyldyrym  telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirdi

 

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi we Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Ýagland bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Premýer ministr Ýyldyrym yrakly kärdeşi bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Mosuly terror guramasy DAİŞ-den yzyna alan Yragyň hökümetini gutlady we Türkiýäniň haraba öwrülen taryhy şäheriň ýaňadandan dikeldilmegine goldaw bermäge taýardygyny nygtady.

Premýer ministr Ýyldyrym telefon söhbetdeşliginde terrora garşy göreşde Yragyň hökümeti bilen edilýän hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini belledi.

Yragyň Premýer ministri Abadi bolsa Türkiýe bilen ähli taraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny aýtdy.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Thorbžorn Ýagland bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde hem Ýewropa Geňeşi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdiklerini nygtady.

Ýyldyrym Ýewropa Geňeşiniň beren maslahatlaryna laýyklykda girizilen kanuny üýtgetmelere üns berilmegine we Fetullahçy terror guramasynyň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyndan soňky etapda Türkiýä has ünsli çemeleşilmegine garaşýandyklaryny ýatlatdy.

 Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Ýagland hem agdarlyşyk synanşygynyň yza serpikdirilmeginiň birinji ýylyny nazarda tutmak bilen Türkiýe bilen dialogyň we hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar