Erdogan: “ÝB Türkiýäniň wagtyny alýar”

Prezident R.T.Erdogan ÝB-niň Türkiýäniň wagtyny alýandygyny nygtap: “Eger ÝB agzalyga kabul etmejekdigini beýan etse, Türkiýe rahatlanar” diýdi

768992
Erdogan: “ÝB Türkiýäniň wagtyny alýar”

Prezident R.T.Erdogan Britaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdesi “BBC-ä” interwýu” berdi.

Erdogan Türkiýäniň öz başyny çarap biljekdigini nygtap; “Biz sözümize wepaly bolduk. Eger ÝB aç-açan görnüşde Türkiýäni agzalyga kabul etmejekdigini beýanetse, ol biziň üçin rahatlandyryjy bolar. B we W meýilnamalarymyza girişeris” diýdi.

Premýer ministrliginiň ilkinji ýyllarynda Türkiýäniň ÝB-niň liderler maslahatynda asuda öwrülşik eden ýurt hökmünde häsýetlendirilendigini aýdan Erdogan; “İndi şol ÝB bizi diňe bir liderleriň maslahatyna çagyrmazlyk bilen çäklenmeýär, wagtymyzam boşa sarp edýär. İne ýetilen sepgit şeýle” diýdi.

Prezident Erdogan türk raýatlarynyň esasy böleginiň “ÝB-ne agza bolmak islemeýändigini”, ÝB-niň Türkiýä içgin çemeleşmeýändigini pikir edýandigini nygtady.

Erdogan 14-nji iýulda doly görnüşde “BBC World News-de” beriljek interwýuda: “Bularyň ählisine garamazdan biz ýene-de birnäçe wagt ÝB bilen içgin gatnaşyklarymyzy dowam etdireris. Onuň bize nähili bähbit getirjekdigini seljereris” diýdi.

 



Degişli Habarlar