Erdogan we Ýyldyrym agdarlyşyk synanyşygynda şehit bolan adamlary zyýarat etdiler

Prezident Erdogan we Premýer ministr Binali Ýyldyrym agdarlyşyk synanyşygynda şehit bolan adamlary zyýarat etdiler

768710
Erdogan we Ýyldyrym agdarlyşyk synanyşygynda şehit bolan adamlary zyýarat etdiler

Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynyň 1-nji ýyly golaýlap gelýär.

Şol çäkde agdarlyşyk synanyşygynda şehit bolan 249 adamy hatyralamak çäresi geçirilýär.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Premýer ministr Binali Ýyldyrym Stambul şäheriniň Edirnekapy diýilýän ýerindäki gonamçylygy zyýarat etdiler.

Gonamçylyga ilkinji bolup Premýer ministr Binali Ýyldyrym geldi.

Ol ýerde adamlar bilen salamlaşan Binali Ýyldyrym, soň bolsa Prezident R.T. Erdogany garşylady.

Garşylamada Maşgala we sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýa, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasarlary Mahir Ünal we Haýati Ýazyjy, Stambulyň welaýat häkimi Wasip Şahin, I Goşunyň serkerdesi general Musa Awsewer, Stambulyň şäher häkimi Kadir Topbaş bardy.

Prezident Erdogan, Premýer ministr Ýyldyrym soň bolsa gonamçylyga geçdiler.

Hatyralama çäresine gatnaşmak üçin gelen köp sanda adam “Şehitler ölmez, watan bölünmez” diýip şygarlar aýtdylar.



Degişli Habarlar