Erdogan Srebrenisa gyrgynçylygynyň 22 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym bolsa Srebrenisa genosidiniň “ýakyn taryhyň iň bir utandyryjy wakalaryndan biridigini” nygtady

768774
Erdogan Srebrenisa gyrgynçylygynyň 22 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde Srebrenisa gyrgynçylygynyň 22-nji ýylyny uly gynanç we gam-gussa bilen hatyralaýandygyny nygtap, şeýle pajygalaryň gaýtalanmazlygy üçin gyrgynçylykda günäli diýlip tapylanlaryn degişli jezany almalydygyny beýan etdi.

Erdogan; “Şu gün 1995-nji ýylyň 11-nji iýulynda BMG tarapyndan “howpsyz zolak” diýlip yglan edilen Srebrenisada BMG-niň gorag güýjüniň esgerleriniň gözüniň öňünde edilen Srebrenisa genosidiniň 22-nji ýylyny uly gynanç we gam-gussa bilen hatyralaýarys.

Pursatdan peýdalanyp soňky döwürde adamzat taryhynyň iň bir utandyryjy hadysalaryndan biri bolan bu genosidde pida bolan eziz şehitlerinmize alladan rehnet, hossarlaryna we ähli boşnýak halkyna sabyr dileýärin” diýdi.

Erdogan; “Srebrenisa genosidi aýal-erkek, ýaş-garry diýmän 8,372 bigüna adamy gyranlar bilen birlikde, özüne syğynan asuda ilaty iň bir başlangyç adamzat gymmatlygyny basgylap, ganhorlara tabşyran gorkaklaryň yzyndan galmaz. Şeýle wagşy wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin ilki bilen Srebrenisa gyrgynçylygyna dahyly bolanlaryň ählisi jezalandyrylmaly. Şeýlede bir köçede, bir şäherde we ýurtda ýaşaýan adamlary biri-birine duşman eden rasist, islamafobik we etniki ýigrenje meçew berýän ideologiýalaryň öňi alynmaly. Srebrenisada edilen genosidi ýatdan çykarmak, ýaňsylamak ýa-da ony inkär etmek isleýänlere ýol berilmeli däl” diýdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym bolsa Srebrenisa genosidiniň “ýakyn taryhyň iň bir utandyryjy wakalaryndan biridigini” nygtady.

Premýer ministr Ýyldyrym; “Türkiýe bosniýaly doganlarynyň sezewar bolan zulumynyň we genosidiniň hasabyny soramaga, olary goldamaga dowam eder” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Srebrenisa gyrgynçylygynyň 22 ýyllygy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde “Bosniýa-Gersogowinanyň gam-gussasy biziň gam-gussamyz” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem Srebrenisa gyrgynçylygynyň 22 ýyllygy mynasybetli sosial media hasabyndan ýaýradan ýüzlenmesinde gurban bolan bosniýalylary unutmajakdyklaryny nygtady we “Unudylan genosid gaýtalanar…” diýip ýazdy.

Çawuşogly ýüzlenmesinde; “Mundan 22 ýyl ozal başdan geçirilen genosidde pida bolan doganlarymyzy hormat bilen hatyralaýarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar