Türkiýäniň Prezidenti G20 maslahatyna gatnaşmak üçin Germaniýa bardy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan şu gün G20 maslahatyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň Gamburg şäherine bardy

766216
Türkiýäniň Prezidenti G20 maslahatyna gatnaşmak üçin Germaniýa bardy

Germaniýanyň iň uly deňiz menziline eýe bolan Gamburg şäherinde 7-8-nji iýul aralygynda geçiriljek G20 maslahaty şu gün başlaýar.

Maslahatda ykdysadyýetiň güýçlendirilmegi, bosgunlar we migrasiýa, Afrika bilen hyzmatdaşlyk, jogapkärçilikleriň alynmagy, korrupsiýa we terrora garşy göreş ýaly global meseleler ara alynyp maslahatlaşylar.

Dünýäniň iň uly ykdysadyýetine eýe bolan 19 ýurt bilen ÝB-niň gatnaşmagynda geçirilýän G20 Liderler maslahatynyň çäginde Gamburg şäherinde ýokary derejede howpsyzlyk çäreleri görüldi.

Maslahatyň çäginde 20 müň polis işgäri iş alyp barýar.

Türkiýä bolsa Prezident Rejep Taýýip Erdogan wekilçilik edýär.

Erdogan maslahatda beýleki ýurtlaryň liderleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Pariž klimat çalşygy ylalaşygyndan çekiljek ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşyk geçirdi.

G20 liderler maslahaty ertir öz işini tamamlar.



Degişli Habarlar