Türkiýäniň Goranmak ministri amerikaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Goranmak ministri Jeýms Mattis aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD/ÝPG bilen gatnaşyklarynyň isleglerinden dälde, mejbur galandyklary sebäpli gysga möhletlik bir gatnaşykdygyny belledi

761101
Türkiýäniň Goranmak ministri amerikaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Goranmak ministri Fikri Yşyk Belgiýada geçýän NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynyň çäginde ABŞ-nyň Goranmak ministri Jeýms Mattis bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD/ ÝPG-e berilen ýaraglar bilen baglanşykly Türkiýä geçen hepde iberilen hat jikmi-jik ýagdaýda ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ministr Yşyk duşuşykda ABŞ-nyň Siriýada terror guramasy PÝD/ÝPG bilen gatnaşygyna Türkiýäniň bildirýän aladasyny ýene-de bir gezek söhbetdeşine ýatlatdy. Amerikaly ministr aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD/ÝPG bilen gatnaşyklarynyň isleglerinden dälde, mejbur galandyklary sebäpli gysga möhletlik bir gatnaşykdygyny belledi.

Katar meselesi boýunça bolsa meseläniň bu ýurdyň özygtyýarlyk hukuklarynyň çäginde maslahatlaşylyp, iň gysga wagtda çözülmelidigini bir agyzdan bellediler.

Ministrler ABŞ-nyň we Türkiýäniň NATO hyzmatdaşy hökmünde sebitleýin meselelerde hyzmatdaşlyk içinde işleşmäge dowam etjekdiklerini ýene-de bir gezek gaýtaladylar.

Fikri Yşyk Mattis bilen geçiren duşuşygyndan soň Owganystanyň Goranmak ministriniň wekili Taryk Şah Bahrami bilen duşuşdy.

Şu gün NATO-nyň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşjak Türkiýäniň Goranmak ministri Fikri Yşyk Makedoniýanyň Goranmak ministri Radmila Şekerinska-Ýankowska, Awstraliýanyň Goranmak ministri Marisa Peýn we Germaniýanyň Goranmak ministri Ursula Won Der Leýen bilen hem ikiçäk duşuşyklar geçirer.



Degişli Habarlar