Kurtulmuş: “Türkiýä Afrinden edilen hüjüme essesi bilen garşylyk görkezer”
Wise-premýer Numan Kurtulmuş ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-niň Türkiýä Afrinden guran ähli hüjümine essesi bilen garşylyk görkeziljekdigini aýtdy

Kurtulmuş Adyýamanda howa menzilinde žurnalistlere beren beýannamasynda Siriýanyň demirgazygyndaky terror güýçleri boýunça Türkiýäniň başyndan bäri berk pozisiýa eýeländigini, Siriýanyň territorial bitewiliginiň tarapynda durýandyklaryny aýtdy.
Türkiýäniň Siriýanyň territorial bitewiligini bozjak ähli syýasy çemeleşmelere garşy durýandygyny aýdan Wise-premýer; “Şeýle-de terror guramalaryna garşy halkara jemgyýetçiligi göreşýärkä, aýdalyň DAİŞ-i ol ýerde belli bir etrapdan çykaryp, onuň ýerine başga terror guramalaryny getirmegiň Siriýanyň geljegine hiç hili goşant goşmajakdygyny, parahatçylygyň üpjün edilmegine-de hiç hili peýdasynyň bolmajakdygyny başyndan bäri aýdyp gelýäris. Emma gynansagam ABŞ we käbir hyzmatdaşlarymyzyň ÝPG/PÝD meselesindäki häzirki wagta çenli anyk bolmadyk pozisiýalary Siriýadaky meseleleri çylşyrymlaşdyrdy. Şu günki günde indi olaryň özleri hem ÝPG/PÝD alternatiwiniň strategik göçüm bolmandygyny, mejbur şeýle çemeleşendiklerini beýan edýärler. Emma biziň üçin ÝPG/PÝD, PKK-da tapawutsyzdyr” diýdi.
Wise-premýer Kurtulmuş terror guramalary ÝPG/PÝD-ä bereriljek ähli harby we ýarag kömeginiň hat-da syýasy goldawyň gönüden göni PKK berilýän goldawdygyny aç-açan beýan edendiklerini nygtady.
Degişli Habarlar

“Ysraýylyň Ýüzlerçe Ýalanyny Paş Etdik”
Altun, “TRT World Forum 2023” açylyş dabarasynda eden çykyşynda dezinformasiýa ünsi çekdi.