Demirgazyk Yrakdan guralan hüjümde bir türk esger şehit boldy

Türkiýäniň Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda Yragyň demirgazyk sebitinden granatamýot bilen guralan hüjümde 1 esger şehit boldy

759886
Demirgazyk Yrakdan guralan hüjümde bir türk esger şehit boldy

Demirgazyk Yragyň Hakurk diýilen ýerinden Şemdinli etrabynyň Tekeli diýilen ýerine granatomýot bilen hüjüm guraldy.

Guralan hyýanatçylykly hüjümde 1 esger şehit boldy.

Terrorçylaryň hüjüm guran ýerleri we golaýlaşmak üçin ulanyp biljek ýollary nyşana alynyp hüjüm guraldy.

 


Etiketkalar: #Yrak , #Hakurk , #granatomýot , #esger

Degişli Habarlar