Türkiýäniň Prezidenti Saud Arabystanynyň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdulaziz Al Saud we täze mirasdar Şazada Muhammed Bin Selman bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Saud Arabystanynyň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan Saud Arabystanynda mirasdar Şazadalyk wezipesinde ýerine ýetirilen üýtgeşiklik bilen gutlady.

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Saud Arabystany gatnaşyklarynyň öňümizdäki etapda has hem güýçlendiriljekdigi nygtaldy.

Sebitde Katar krizisi sebäpli başdan geçirilýän dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin edilýän tagallalaryň artdyrylmagy barada ylalaşyk gazanyldy.

Şazada Muhammed Bin Selmana üstünlikler arzuw eden Türkiýäniň Prezidenti Erdogan 7-8-nji iýulda Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçiriljek G20 Liderler maslahatynda Saud Arabystanynyň Şasy Selman bilen ikiçäk duşuşyk geçirer.



Degişli Habarlar