Türkiýe Owganystanda metjide guralan hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrligi Owganystanda metjide guralan hüjümleri ýazgardy

753932
Türkiýe Owganystanda metjide guralan hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrliginiň beýanatynda “Kabulda metjide guralan terrorçylykly hüjümde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirýäris. Mukaddes Remezan aýynda ybadathana guralan terrorçylykly hüjümi näletleýäris. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Beýanatda  "Ýurduň parahatçylygyny, asudalygyny we durnuklylygyny bozmak isleýän şuňa meňzeş hüjümlere garşy dost we doganlyk ýurt owgan halkyna we hökümetine goldaw berýäris” diýildi.

 



Degişli Habarlar