Türkiýe şu günki güne çenli bosgunlar üçin jemi 25 milliard dollar sarp etdi

Zähmet we sosýal üpjünçilik miistri Mehmet Müezzinogly Türkiýä bolsgunlar meselesinde goldaw berilmelidigini aýtdy

751122
Türkiýe şu günki güne çenli bosgunlar üçin jemi 25 milliard dollar sarp etdi

Mehmet Müezzinogly Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçilen Halkara Zähmet guramasynyň 106 -njy maslahatynda çykyş etdi.

Türkiýäniň 3 milliondan gowrak bosguna gapylaryny açandygyny aýdan Müezzinogly şu günki güne çenli bosgunlar üçin jemi 25 milliard dollarlyk çykdajy edilendigini belledi.

Müezzinogly “Halkara jemgyýetçiliginiň bu ýükü we jogapkärçiligi biziň bilen paýlaşmaly” diýdi.

 Mehmet Müezzinogly iş durmuşy meselesinde hem Türkiýede ähli gatlagyň wekilleri bilen gepleşik geçirýändiklerini aýtdy.

 



Degişli Habarlar