"Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti öz ugry boýunça dünýäniň tanymal jemgyýetçilik guramalaryndan biri"

Prezident Erdogan Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň 149 ýyllygyna bagyşlanan baýrak gowşurlyş dabarasyna we agzaçara gatnaşdy

750650
"Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti öz ugry boýunça dünýäniň tanymal jemgyýetçilik guramalaryndan biri"

Prezident R. T. Erdogan dünýäniň çar tarapyna kömek berýän Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň öz ugry boýunça dünýäniň tanymal jemgyýetçilik guramasyndan biridigini aýtdy.

Prezident R. T. Erdogan Stambulda Haliç kongres merkezinde geçirlen Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň 149 ýyllygyna bagyşlanan baýrak gowşurlyş dabarasynda we agzaçarda sözlän sözünde “Uruş meýdanlarynda ýaralanan esgerlerimize kömek etmek üçin döredilen we wagtyň geçmegi bilen ähli ejir çekenleriň, zulum görenlerin umydyna öwrülen Gyzyl ýarymaý jemgyýetimiziň dünýäniň çar tarapynda alyp barýan işleri bizi buýsandyrýar. Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýeti işlerini diňe bir Türkiýede däl, dünýäniň çar tarapynda alyp barýar”diýdi.

Türkiýäniň çar tarapynda 700 şahamçasy bilen ýakyndan tanalýan jemgyýetçilik guramalaryndan biri bolan Türk Gyzl ýarymaý jemgyýetiniň ýurduň içinde we daşynda durmuşa geçirýän işlerine goldaw berýändiklerini we mundan soňra hem goldaw bermäge dowam etjekdiklerine ünsi çeken Prezident Prezident Erdogan “Türkiýe dünýäniň bosgunlara kömek bermek üçin iň uly operasiýasyny ýekelikde amala aşyryp bilýän bolsa, onda Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň uly paýynyn bardygyny” nygtady.

 



Degişli Habarlar