Bu hepde howanyň gyzgynlygy 40 derejä çenli baryp ýeter

Türkiýäniň Günorta-gündogar Anadoly sebitinde bu hepde howanyň gyzgynlygynyň 40 derejä ýetjekdigi çak edilýär

747680
Bu hepde howanyň gyzgynlygy 40 derejä çenli baryp ýeter

Meteorologiýa gullugynyň resmilerinden alynan maglumata görä Gaziantepde geçen hepdä garanyňda howanyň gyzgynlygy 3-4 dereje ýokarlap, düýn 34 derejä ýetdi. Şu gün we ertir howanyň gyzygynlygy has hem ýokarlap, hepdäniň şenbe güni 36 derejä ýeter.

Sebitiň iň yssy şäherleriniň biri bolan Şanlyurfada hem howa aşa gyzgyn. Düýn 37 dereje bolan howanyň temperaturasy ertir 38-e, anna güni bolsa 40 derejä ýetjekdigi çak edilýär.



Degişli Habarlar