FETÖ-çilere ýurda dolanmaklary üçin çagyryş edildi

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Gülen bilen birlikde 130 adama ýurda dolanmaklary üçin çagyryş edildi

745610
FETÖ-çilere ýurda dolanmaklary üçin çagyryş edildi

Derňew we barlag işleri alynyp barylýan, daşary ýurtlara gidendikleri sebäpli tapylmadyk 130 adamdan ybarat sanaw Resmi gazetde çap edildi.

Şoňa laýyklykda sanawdaky gaçgaklar şu günden başlap 3 aýyň dowamynda Türkiýä dolanyp, degişli edaralara ýüz tutman halatyonda Ministrler kabinetiniň karary bilen türk raýatlygyndan çykarylarlar.

15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň FETÖ bilen baglylykda dowam eden kazyýet tapgyrynda daşary ýurtlardaky käbir şübheliler barada; “Döwletiň jebisligini we ýurduň bitewiligini bozmak”, “Konstitutsiýanyň düzgünlerini bozmak”, “Prezidentiň janyna kast etmek we oňa hüjüm etmek”, “Kanun çykaryş organyna garşy jenaýat etmek”, “Hökümete garşy jenaýat işlemek”, “Türkiýe Respublikasynyň hökümetine garşy ýaragly pitne turuzmak”, “Ýaragly terror guramasyny döretmek” we “Ýarag üpjün etmek” ýaly etmişler sebäpli derňew we barlag işi başladylypdy.



Degişli Habarlar