“Dünýäde naýynsaplyga we erbetlige esaslanýan hiç bir hökümet parahatçylyga we ylalaşyga eltmez”

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn dünýäde naýynsaplyga we erbetlige esaslanýan hiç bir hökümetiň parahatçylyga we ylalaşyga eltmejekdigini belledi

742228
“Dünýäde naýynsaplyga we erbetlige esaslanýan hiç bir hökümet parahatçylyga we ylalaşyga eltmez”

Kalyn Daily Sabah gazedine iberen hatynda Yslam dininiň düýbiniň parahatçylyga we ylalaşyga esaslanýandygyny nygtady.

Prezident R. T. Erdoganyň soňky 5 hepdede Hindistan, Russiýa, Hytaý, ABŞ we Belgiýa ýaly ýurtlara sapar gurandygyny ýatladan Kalyn saparlarynda bidüzgünçilik içinde bolan halkara ulgama parahatçylygy we tertip-düzgüni nähili getirip boljakdygyny ele alandygyny habar berdi.

Halkara terror, global ýylylyk, populist we rasist hereketler bilen Siriýadaky söweşe ünsleri çeken Kalyn dünýäniň nirä barýandygyna uly alada bildirilýändigini belledi.

Kalyn dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we ylalaşygyň şahsyýetiň öz içinde başlaýandygyny beýan etdi.

Ibrahim Kalyn Biz kim? we Biz näme isleýäris? soraglaryna jogap tapylmalydygyny nygtady.

Ibrahim Kalyn dünýäde ylalaşygyň erbetliklere we naýynsaplyga esaslanyp ýola goýulyp bolmajakdygyny, emma adalatyň we dogruçyllygyň parahatçylyk getirip biljekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar