Türkiýäniň Ýaragly güýçleri ýende 93 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň soňky 10 günde geçiren operasiýalarynda aýralykçy terror guramasynyň 93 agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi

736534
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri ýende 93 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi

Aýralykçy terror guramasynyň ýaz-tomus paslyna taýarlyk görmeklerine päsgel bermek üçin geçirilýän operasiýalar giň-gerimli dowam etdirilýär.

Şol çäkde terror guramasyna agza terrorçylara garşy ýurdyň Hakkari, Siirt, Diýarbakyr, Batman, Tunjeli ýaly welaýatlarynda operasiýalar geçirildi.

Operasiýalarda terrorçylar tarapyndan ulanylan 71 gaçypatalga we gowak ulanyp bolmajak ýagdaýa getirildi we köp mukdarda partlaýjy madda we ok-däri ele salyndy.

Serhetden bikanun ýagdaýda geçmek islän 8755 saklandy.

Türkiýäniň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri geçirilen 4786 operasiýada 316-sy öli, 6-sy ýaraly, 187-si diri ýagdaýda we 133-i howpsyzlyk güýçlerine boýun egmek bilen jemi 642 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar