Premýer minsitr Binali Ýyldyrym şu gün Gruziýa gider

Türkiýäniň Premýer minsitri Binali Ýyldyrym Türkiýe-Gruziýa Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň ikinji maslahatyna gatnaşmak üçin şu gün Gruziýa gider

736372
Premýer minsitr Binali Ýyldyrym şu gün Gruziýa gider

Maslahatda 2016-njy ýylyň 19-njy iýulynda Ankarada geçirilen Türkiýe-Gruziýa Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň birini maslahatynda kabul edilen kararlar gözden geçiriler, täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikler we sebitleýin meseleler barada pikir alyşylar.

Maslahatyň çäginde iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň infrastrukturasyny berkitjek tapawutly şertnamalara gol çekiler.

Binali Ýyldyrym iki günlik saparynda Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwili we türk işewür adamlar bilen duşuşar.



Degişli Habarlar