Şu gün 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy

19-njy maý Türkiýe Respublikasynyň yglan edilmegine giden ýoluň ilkinji ädimini emele getiren we beýik türk milletiniň garaşsyzlygy üçin milli azat edijilik söweşiniň alawynyň ýandyrylan gününiň 98-nji ýyly

735466
Şu gün 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy

Bu manyly gün Türkiýäniň ähli ýerinde we daşary ýurtlardaky wekilhanalarda dabara bilen bellenilip geçilýär.

19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy mynasybetli paýtagt Ankaradaky ilkinji dabara Anytkabirde bellenilip geçildi.

Ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý Kylyç bilen ýanyndaky wekiliýet Atatürkiň mawzoleýine gül desseleri goýdylar.

Misaky Milli binasyna geçip, Anytkabir ýörite depderine gol çeken ministr Kylyç soňra bolsa ministrlikde ýaşlary kabul etdi.

Prezident R.T. Erdogan hem ýaşlar bilen Prezident Kompleksinde duşuşyk geçirer.

Premýer ministri Binali Ýyldyrym 81 welaýatyň we DKTR-nyň ýaşlary bilen Çankaýa köşgünde duşuşar.

Respublikan Halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly Kyzylaýda başlap Anytkabirde tamamlanjak ýaşlaryň ýörişine gatnaşar.

Milli azat edijilik söweşiniň başlanan ýeri bolan Samsunda dabaralaryň çäginde “Fakelli we Ýaşlar festiwaly ýörişi” geçirildi.

Stambul şäheriniň Taksim meýdançasyndaky Respublika ýadygärliginiň öňünde hem dabara geçirildi.

Dabaranyň çäginde ýadygärlige gül desseleri goýuldy, hormatly dymyşlyk boldy we Milli sena ýerine ýetirildi.



Degişli Habarlar