Kurtulmuş; “NATO-nyň agzalarynyň Türkiýäniň düşmanlaryna ýarag bermegi nädogry”

Wise-premýer Numan Kurtulmuş NATO-nyň agzalarynyň Türkiýä duşman bolan terrorçylara ýarag bermeginiň nädogrydygyny aýtdy

731162
Kurtulmuş; “NATO-nyň agzalarynyň Türkiýäniň düşmanlaryna ýarag bermegi nädogry”

Kurtulmuş Stambul uniwersiteti tarapyndan Stambulyň Maslahatlar Merkezinde; “İntellektual ykdysadyýet we Täzelikçi telekeçilik üçin özgertmeler” temasy bilen geçirilen “2-nji Bütindünýä tehnologiýa, innowasiýa we telekeçilik maslahatynda” çykyş edenden soň TRT-niň pawionyna baryp gördi.

Ol ýerde soraglara jogap beren Kurtulmuş; “1952-nji ýyldan bäri NATO-nyň çäginde hyzmatdaşlyk edýän, söze gezek gelende “Türkiýe NATO-nyň günorta serhetlerindäki ýurt, hyzmatdaşymyz” diýýänleriň Türkiýä duşman terrorçylara ýarag bermegi Türkiýe tarapyndan kabul edilmz, sebitiň parahatçylygyna hem bähbit getirmez” diýdi.

ABŞ-nyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD bilen hyzmatdaş etmeginiň zyýanly taraplary barada durup geçen Kurtulmuş; “Rakkadan DAİŞ-i saplandan soň ilatynyň ählisi araplardan ybarat bolan Rakkada etniki saplaýyş etmek üçin garaşýan PÝD-äni Rakka ugratsaňz, ol ýerde ýüze çykjak pajygalaryň we çaknyşyklaryň öňüni nähili almakçy, onuň jogapkärçiligini nähili çekersiniz” diýdi.

PÝD-niň azyndan DAİŞ ýaly howplydygyny beýan eden Numan Kurtulmuş, Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ABŞ-nyň öz milli bähbitleri taýdan hem ýerlikli boljakdygyny aýtdy.



Degişli Habarlar